Light
Dark

ERMENISTAN: AGDARLYŞYK PELLEHANADAMY?

Mälim bolşy ýaly, ermeni syýasatçy we hukuk goraýjy guramalary, ýurtda bulam-bujarlygy…

Ermenistanyň paýtagty hökümete garşy nägilelik işjeňliginiň birnäçe gününi başdan geçirýär. Paşinýanyň hökümete başyntutanlyk edýän döwründe, Ýerewan üçin beýle kynçylyklar adatdan daşary zat däl. 2020-nji ýyldaky “güýz söweşinden” soň, oppozisiýa we ýalan-oppozisiýa güýçleri, Dagly-Garabagdan ar almak üçin hökümetiň agdarylmaly meselesini hemişelik gün tertibine girizdiler. Emma bu işde üstünlik gazanyp bilmediler. Hökümet kwartalynyň çäginde söweşiji şygarlary aýdyp, gykylyk etmek bir zat, Artsahdaky söweş çukurlarynda ýurduň bähbitlerini goramak başga zat.

Şol sebäpden, Garabag separatistleriniň tabyn bolmagyndan soň ýüze çykan Ýerewandaky bidüzgünçilikler, ilat tarapyndan weýran bolan Garabag uruglarynyň häkimiýet ugrundaky göreşi salgyma kowalaşýan ýaly görünýär. Hökümet agdarylandan soň “Milli komitetleriň” söweşi ýeňişe alyp barjakdygyna hiç kim ynanmaýar. Ermeniler ajy hakykaty gowy bilýärler: ar alyjylaryň söweş üçin harby serişdeleri we adam güýji ýok. Halkara derejesinde “NKR” separatistik taslama diňe Moskwanyň iýmitlendirmegi esasynda aýakda durmagy başarýardy, şeýle-de, “PMR”, “RYO”, “DHR”. Bularyň hemmesi, Russiýanyň ýörite gulluklarynyň yzarlaýan şol bir maksady: maksada gönügen ýurtlaryň döwletliligini ýok etmek.

Geçen ýyl Moskwanyň Dagly-Garabagy düýbünden ýitirendigi äşgär boldy. Premýer-ministr Paşinýan Putinden kömek sorap, birnäçe gezek ýüz tutdy. (ОДКБ) mehanizmlerini ulanmak meselesini gozgady. “Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasynyň” 4-maddasynda: eger şol döwletleriň biriniň üstüne howp abansa, beýleki döwletleriňem üstüne abanandygy hasap edilmeli. NATO şertnamasynyň 5-nji maddasynda görkezilşi ýaly hemmelere garşy agressiýa diýmekdir. Daşarky çozuşa sezewar bolan ýurt, harby kömek haýyşy bilen (ОДКБ)-a ýüz tutup biler we agzalar oňa şeýle kömegi bermäge borçludyr.

Şeýle-de bolsa, ne Russiýa, ne-de beýleki (ОДКБ) agzalary Ermenistany üpjün edip bildiler. Düýbinden ermeniler ünsden düşürildi, şonuň üçin Paşinýan, (ОДКБ)-nyň peýdasyzdygyna göz ýetirip, ýurdyň “öli gurluşdan” çykmagy üçin ýol açdy. Ýerewan, ruslaryň ejizligine alternatiwleri gözläp, ABŞ we beýleki NATO ýurtlary bilen aragatnaşyk gurup başlady.

Garabagda bolup geçýän wakalaryň fonundan peýdalanyp, Kreml Ermenistanda döwlet agdarylyşygynyň stenariýasyny döretmek kararyna geldi. Howwa, Putinistleriň agzyny köpükledip tankytlamak bilen, özleriniň oýnuna gabat gelmeýän hökümdarlara garşy islendik usullary ulanmakdan çekinmeýärler.

Mälim bolşy ýaly, ermeni syýasatçy we hukuk goraýjy guramalary, ýurtda bulam-bujarlygy aňsatlyk bilen döretmek üçin rus agentleri bilen doldurylan.

Ruslaryň täsir galdyryjy güýji-Garabag uruglary, Azerbaýjan sebitinde azyk üpjünçiligini ýitirip, ermeni halkyna garşy agressiýa öwrülýär. Döwlet agdarlyşygy meýilnamasy Russiýanyň ýörite gulluklarynyň çäginde işlenip düzüldi.

Soňky üç günüň garma-gürmeliginden soň, Rus agentleriniň adam pidalaryna eltip biljek, ýaragly prowokasiýa taktikasyna geçmegine garaşylýar. Ar almaga teşne bolan ýerli “ýalançy watançylar” jogapkärçiligi öz üstüne alarlar. Ondan soň prowokasiýalaryň sanyny, täze bidüzgünçilikleriň we garakçylaryň tolkunlaryny köpeltmek, adam pidalaryna eltmek, elbet-de, sonuňda hökümet binalaryna hüjüm etmek we basyp almak meýilleşdirilýär.

Ondan soň Garabag urugy we Rus wekilleri Paşinýanyň agdarylandygyny we özlerini “milli galkynyşyň wagtlaýyn hökümeti” – diýip yglan ederler. Şol bir wagtyň özünde, “gümürtik işleriniň” üstüni basdyr-ýusdyr etmek üçin GRU-nyň üsti bilen RF-ň Ermenistandaky ilçihanasyna garşy hüjümler ediler we “Ruslara garşy demonstrantlar” köçä çykarlar.

Kreml üçin öz oturtma gurjaklaryny Ýerewanda oturtmak gaty möhümdir, sebäbi diňe bir Putiniň abraýy däl, (ОДКБ)-nyň ykbaly, asla Ermenistanda harby güýçleriň ýerleşmegi, umuman alanyňda, Russiýanyň Kawkazda iki ýüz ýyllap agalyk sürmegi howp astynda galjak. Beýik geosyýasatçy Putin we onuň “strategleri” ummasyz ýitgä uçran ýaly. Şonuň üçin Ermenistandaky häkimiýet söweşi diýseň aldym-berdimli bolar.

Açar sözler:

Komentariýalar

  1. Merdan Meredov

    2 years ago

    Kremliñ häsiýetiniñ takyk düşündilişi.

  2. Garagum çöli

    2 years ago

    Öňler internet bolmansoň bu oýunlar bilinenokdy

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *