Light
Dark

Diregimiz-Topragymyz

Halk köpçüligiň ýagdaýy hem şeýleräk bolmaly.
Öýlenme dabarasyndan soň saý-sebäp bilen öý…

Halk köpçüligiň ýagdaýy hem şeýleräk bolmaly.
Öýlenme dabarasyndan soň saý-sebäp bilen öý gurnalmak mejburýetinde galdyk, we jaý edinmek arzuwynda mellek ýer edindim. Melegimiziň üstüne göçüp baranymyzdan soň mellegimiziň bize wagtlaýynça ulanmagymyza berilyändigini oba geňeşiniň arçynynyň agzyndan eşitdim.
Sebäbini soranymda, “Ýer hökümetiňki, halka wagtlaýynça ulanmana berilýär” – diýen Garahan arçynyň sözleri meni haýran galdyrypdy.
Ýagny miras hökmünde dowam etmekde däl ekeni. Ahalda, “hökümet” tarapyndan ýykylan jaýlaryň sebäbi meniň üçin indi aýan boldy. Ol ýerde halkyň oturumly ýerleri derbi-dagyn edilipdi.

Türkmenistanda ýer ölçegi uly bolan ýerler hem kärende usulunda halka paýlanylýar, ýyllyk şertnama essasynda. Ekiljek önümler şertnama salgylanyp ekilmekde. Bu şertnama esasynda maliýe girdejisi has ýokary boljak ekinleri ekmäge rugsat ýok. Pagta ekim ýylynda “sakgaldan alyp murta ýelmemek” bilen ýyl ahyryna barylýar. Bugdaý-orakly, pagta-ýygymly ýyllar daýhany minusa düşürmekden başga zat etmedi. Şeýlelikde, “ölmez-gülmez” aýtga meňzeş durmuş dowam edýär. Neslimiziň ýüküni ýeňilletmekde hiç peýdaly goşandy ýokdyr, tersine bizi garyplaşdyrdy.

Ýurt daşyna çykyp, maglumat bolçulugynda özümi tanamagym, “öz ýurdymda ýurtdaş hökmümde sosial statusym neneňsi ýagdaýda?” diýip soraglar bermegime sebäp boldy. Ondan soň “ol sosial status nädip döreýär, her bir ýurtdaşyň hukuklary nirede başlaýar?” diýilen soraglar hem yzyny yzarlady.

Öz ýaşaýşyny dowam etdirýän ýurtdaş öz topragyny kärendä almagyny bes etmelidir we göniden-göni mirasçy şertinde bolmalydyr. Sebäbi adamyň sosial statusy bir zada eýe bolmak bilen baglanşyklydyr. Topraga eýe bolmak bir adam üçin hemme zadyň başlangyjydyr.
Türkmenistanlylaryň öz topraklaryny mejbury kärendä ulanmaklary taryhy we häzirki zaman syýasy ýagdaýa göniden-göni baglydyr.

Türkmenistanlylara öz taryhlary ýalňyş ögredildi, elimizden topragymyzy alan duşmanymyz bize dost hökmünde tanadyldy. Halk köpçüligiň ýolyny aýdyňladyp biljek bilgelerimizi (köne sözlerimizden bolup alym diýmek bolýar) ýok etdiler. Halkyň içindäki bilgeler, jemgiýeti milli ruhda ýaşamagyny üpjün edýär. Millileşen halk taryhy dikeltmekde, taryhyny gözlän, topragyna eýe çykmakda. Bu hereketler bir-birinden aýrylmasyzdyr. Türkmenistanyň halky topragyna eýe çykmazlygy üçin internet (maglumat gatnaşygy) ulgamy ýok derejede saklanylyp gelinýär, öz ýerli dönükleriň aladasy bilen. Her bir Türkmenistanly ýurtdaş öz ýurdy hakynda bilgi ögrenmekde we ýaýratmakda ata-babalarynyň, nesliniň öňünde ahlaky jogapkärçiligindedir.
Görmezlik, Bilmezlik, Eşitmezlik duýgulary bizi jahyllyga eltmekde. Jahyl ýaşaýjy öz dogduk ýurdynyň duşmanydyr, jahyllykdan çykmazlyk nesliňe wepasyzlykdyr.
Bu ýazylanlar meniň şahsy düşünjämdir. Komment ýazyp bu barada düşünjäňizi paýlaşyň ýurtdaşlar.

Açar sözler:

Komentariýa

  1. Oguz

    2 years ago

    .

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *