Türkmenistan’da Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen, ÝB’niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stiprais’iň duşuşygy geçirildi. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy, diplomatik, ykdysady we gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns çekildi.
Gepleşikleriñ esasy meseleleri hukuk binýadynyň ösdürilmegi, ÝB – Merkezi Aziýa gepleşikleriniň çäginde özara gatnaşyklar we energiýa, ulag we ekologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boldy. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek başlangyçlary gürleşildi.
Taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklar, ÝB maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk, bilim, ylym we hünärmenleri taýýarlamak pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ýaly meseleleri maslahatlaşdylar.
Saparyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB’niň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen 2025’nji ýylda geçiriljek bilelikdäki sammitlere taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge özara gyzyklanmany tassyklady.
Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiñ ýörite wekiliniň sapary Türkmenistan’da başlandy. Türkmenistan’yñ prezidenti sebitdäki prezidentleriñ arasynda iň gowşagy. ÝB’niň ilki bilen Türkmenistana gurnan sapary, bilgeşleýin diplomatik ädim ýaly bolup görünýär. Sebäbi Ýewropa, Türkmenistan’da amatly şertleri döretmegiň we öz täsiriniñ astynda galdyrmagyñ iň aňsat usulydyr.
Türkmenistan häzirki wagta çenli geosyýasy çaknyşyklardan uzak durup gelýär, uzak wagtlap bitaraplyk statusyny esasy galkan edip ulandy. Ýöne global basyşlar sebäpli, energiýa söwda we gumanitar taslamalary özleriniñ täsirli guraly hökmünde ulanyp, muny öz bähbitlerine laýyklaşdyrmaga synanyşýarlar. Bu hyzmatdaşlygyň näderejede dowam etjekdigini diňe wagt görkezer. Ýöne bir zat anyk, Günbatar bu sebitdäki gowşak baglanyşygy gözleýär we häzirki wagtda Türkmenistan edil şol nokatda durýar.