Light
Dark

Deport Ediljeklere Karantin Garaşýar

Ýurtda halkyň aýaklanmagynyň öňüni almak üçin dürli çäreleri geçirmekden el çekmeýän bu bikanun hökümet, bu gezek ýurda gazaply halda deport bolup gelýänleri belki-de gorkuzyp, ýa-da halkyň göwnüni alyp ömrüni uzatmaly bolar.

“Deport bolup ýurda gelenleri Farapda karantinda saklajak bolýarlar” – diýip, Farap we töwereginde ýaşaýan adamlaryň soňky 1 hepdäniň içinde bize yzygiderli ýagdaýda ýetiren esasy habarlarynyň biri boldy.

Adamlaryň şaýat bolan wakalarynyň içinde, Korona wirus pandemiýasy döwründe karantin üçin ulanylan lageriň, 2 gün mundan öň işgärler tarapyndan arassalanyp ulanyşa taýýarlanmagy delil görkezilýär. Pandemiýa döwründe şertleriniň agyr bolmagy bilen tanalýan Farapdaky karantin lagerinde, halkyň yzygiderli gozgalaňlar çykarmagy netijesinde ol lager ýatyrylypdy.

Şol döwürlerde, halk bilen lageriň işgärleri arasynda çaknyşyklaryň ýygylaşmagy, bikanun hökümetde aýratyn bir howsala döredipdi. Onuň üstüne, ýene şol döwürlerde, Stambulyň howa menzilinde halk uly protest geçirip aýaga galypdy. Bu bolsa, ýollaryň açylyp, karantin çäresiniň hem ýatyrylmagyna sebäp bolupdy.

Öňki karantin lageriniň bu gezek karantin üçin däl-de, onuň ýerine başga bir at dakylyp orta çykaryljakdygy häzirden çak edilýär. Bu çäräniň maksady, Türkiýeden köpçülikleýin deport bolup geljekleriň aňyna täsir etmek üçin planlaşdyrylýan bolup biljekdigi öňde gelen pikirleriň arasynda.

Ýurtda halkyň aýaklanmagynyň öňüni almak üçin dürli çäreleri geçirmekden el çekmeýän bu bikanun hökümet, bu gezek ýurda gazaply halda deport bolup gelýänleri belki-de gorkuzyp, ýa-da bolsa halkyň göwnüni alyp ömrüni uzatmaly bolar.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Okamaga dowam ediň...

Komentariýa

    Komentariýa ýaz

    Your email address will not be published. Required fields are marked *