Türkmenistanyň ykdysady, oba-hojalyk pudaklary gün-günden pessaýlaýar. Muňa şaýat bolan Türkmenistanyň ýaşaýjysy, Türkiýeden ýurda dolanyp baran wagty görenlerini biziň bilen paýlaşdy.
Daşoguzyň Gök bazary, içerki we daşarky diýilip ikä aýrylmagy ýurda baran ildeşimizi geň galdyrdy. Sebäpleri bolsa, içerki bazarda günlük oturym ýerleriň bahalary elýetersiz bolany üçin, satyjylar harytlarynyň bahasyny galdyrmaly bolýarlar.
Bu ýagdaýdan çykalga agtarýan satyjylar harytlaryny hor-homsy ýaşaýan halka elýeter bahadan satmak üçin “daşarky bazary” döretmeli bolýarlar. Ýoluň ugrunda, asyl bazar binasynyň öňünde emeli ýagdaýda döredilen “daşarky bazary” polisiýa işgärleri gözegçilik edýärler, günde gelip satyjylary kowmak, dagatmak bilen. 4-5 sagat arkaýyn satmak üçin satyjylar özara dildüwüşlik arkaly gelýän polisiýa para berip sypýarlar.
Polisiýa işgärleriň gündelik gazanç ýerine öwrülen Gök bazarynda göre-gündiz para çöpleýändigi, ýurtda hak-hukugyň galmandygy, gün güýçliňki, gowurga dişliňkä öwrülendigi ýurda gaýdyp baran watandaşy gazaba mündirdi.
Ortaça halkyň hak-hukugyny soramagyň ýerine, polisiýa işgärlerini gündelik para berip, “iýmçi tokla” öwürendigi gynandyrýar. Konstitusiýanyň hiç bir maddasynyň işlemeýändigi hemmä mälim. Muňa kanunyň daşynda bolup geçýän eden-etdilikler şaýatlyk edýär. Esasanam adalat, hukuk goraýjy resmileriň kanuny goramagyň ýerine, öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmagy jan ýakyjy. Terror toparyň öňünde goýýan maksady, wezipede oturan döwürleri halky we biri-birlerini ýokary tizlik bilen talamak bolup durýar. Bu Berdimuhamedowlaryň, ýagny guramaçylykly terror toparyň ýörite gurnan sistemasynyň netijeleri.