Light
Dark

Daşoguz Şäheriniň Ortarasyndaky Zeýkeş Töwerege Hassalyk Saçýar

“Zeýkeş gazylyp akar ýaly edilmeli, ýa-da düýbinden gömülip ýok edilmeli”

Daşoguz şäherinden iberilen wideoda, bir zeýkeşiň şaheriň ortarasynda ýata-suw halyna gelendigini görmek bolýar. Wideony ugradan ýurtdaşymyzyň aýtmagy boýunça, zeýkeş birnäçe ýerinden gömülip akmaz ýaly edilipdir. Google karta ulgamynda bu berilen maglumaty tassyklap bolýar. Kartada hem görülşi ýaly, zeýkeşiň birnäçe ýeriniň gömülendigini görse bolýar. Daşyndan seredilende, bu zeýkeş köp wagtdan bäri gazylmadyk ýagdaýda öz halyna taşlanypdyr.

Zeýkeşe ýakyn ýaşaýan adamlar keselçilikleriň köpüsi şu ýatan suwdan gelýändigine ynanýarlar. Muňa goşmaça 18-nji orta mekdep hem şol zeýkeşiň edil garşysynda ýerleşýär. Çagalaryň gatnaw ýeri bolmagy sebäpli, ene-atalar çagalaryny suwyň ýakynyna barmazlyklary üçin duýdurýarlar.

“Mundan 10-15 ýyl öň bu zeýkeşden adamlar balyk tutýardylar, indi bolsa ýanyndan geçmäge gorkýas. Göwnümize onuň içinde her dürli keselçiligiň bardygy gelýär. Tomus aýlarynda ysyndan durar ýaly däl”

 – diýip maglumat beren ildeşimiz, “Zeýkeş gazylyp akar ýaly edilmeli, ýa-da düýbinden gömülip ýok edilmeli” – diýdi.

Şäherden gelen beýleki maglumatlar hem habar kanalymyzyň dykgatyny özine çekdi. Daşoguz şäheriniň dürli künjeklerinden alan maglumatlarymyzda, agyz suwynyň içmez ýaly bolandygyndan sikaýatçy boldylar. Agyz suwlarynyň zäherlenmesiniň arkasynda ýatan sebäp bolsa, ine şu görünýän, gazylmadyk zeýkeşler bolsa gerek.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Komentariýa

  1. Baris

    2 years ago

    Diktatör rejim

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *