Sentýabr aýynyň 7-de Umytjan Kuzubaýewiň Türkmenistandaky öýüne Watan daýhan birleşiginiň arçyny Döwletýar Muradow…
Sentýabr aýynyň 7-de Umytjan Kuzubaýewiň Türkmenistandaky öýüne Watan daýhan birleşiginiň arçyny Döwletýar Muradow…
Sentýabr aýynyň 7-de Umytjan Kuzubaýewiň Türkmenistandaky öýüne Watan daýhan birleşiginiň arçyny Döwletýar Muradowyň basyş maksatly yzygiderli gelendigi mälim boldy. Bu wakany Umytjanyň kakasy ýazan dil haty bilen hem tassyklaýar.

Muradow ilki bilen özüniň Watan daýhan birleşigi arçynydygyny tassyklaýar. Emma, yzy-ýanyndan Umytjanyň öýüne bardyňmy soragyny eşiden badyna, “Men arçyn däl, ýalňyş biri bilen gürleşdiňiz” diýip, ýaňyja aýdan sözlerini yzyna gaýtarmaga synanşdy.
Soňy bilen bolsa, Umytjanyň öýüne barandygyny boýnuna aldy we indi gaýdyp onuň öýüne barmajakdygynyň hem aşagyny çyzdy.
Döwletýar Muradow Umytjanyň Türkmenistandaky öýüne baryp kakasyna oglunyň meselesi boýunça oňa sözli basyşlar edeninde,
“Meniň elimde 5 adamyň ady bar. Içinde seniň ogluňyň hem ady bar”
diýilen terzde terrorçylykly sözlemler ulanypdyr.
Umytjanyň kakasy näme sebäpden soraýaň diýende, Muradowyň oňa beren jogaby hiç hili nätanyş däldi.
“Ogluňy aňyrdakylar soraýar”
diýip, Aşgabady yşarat edipdir.
Bu basyşly waka Kuzubaýewleriň maşgalasyna ilkinji gezek edilmeýär. Mundan öň 2021-nji ýylda Umytjanyň geçen ýyl aradan çykan ejesini hem gorkuzmak üçin 2 gezek gapysyndan barypdyrlar. Maksatlary, Umytjanyň näme üçin şahsy pikirlerini aýdyp syýasata goşulandygy we oglunyň syýasata goşulmaly däldigini aýdyp ejesini gorky gabagyna salmakdy. Şondan soň Umytjanyň ejesiniň saglyk ýagdaýlary erbetleşip başlady.
Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.
Komentariýa
Merdan Meredov
Enäniñ, Ýurdyñ aryny almalydyr.