Türkiýede, daşary ýurtlylar üçin “Yzyna Ugratma Merkezi” ady bilen bilinýän deportasiýa nokatlaryň bardygy ýurduň içindäki we daşyndaky halka…
Türkiýede, daşary ýurtlylar üçin “Yzyna Ugratma Merkezi” ady bilen bilinýän deportasiýa nokatlaryň bardygy ýurduň içindäki we daşyndaky halka…
Türkiýede, daşary ýurtlylar üçin “Yzyna Ugratma Merkezi” ady bilen bilinýän deportasiýa nokatlaryň bardygy ýurduň içindäki we daşyndaky halka doly mälim boldy. Türkiýedäki şol Yzyna Ugratma Merkezlerinden ylham alan Türkmenistanyň bikanun hökümeti, öz gezeginde ýurduň içinde hem “Yzyna Kabul Etme Merkezini” gurdy.
Bu merkez, Çärjew şäherinden Farap köprüsine tarap gidýän ýoluň ugrundaky Hytaýlylaryň işçiler üçin ulanan köne jaýynda ýerleşýär. Bize ugradylan wideo materialda görünýän ýeri Google kartadan, ýerli halkdan we käbir polisiýa işgärlerinden gelýän habarlaryň dogrudygyny anyklamak başartdy. Ynsan haklaryna doly ters gelýän bu hereket, bize ýene-de bir gezek Türkmen halky öz ýurdunda keseki kimin ýaşaýandygyny görkezýän delile şaýatlyk etdirdi.
Çärjewdäki hukuk-daşy döredilen “Yzyna Kabul Etme Merkezine” Erzurumdan iberilen deportly Türkmenler getirilýär. Elde edilen magulmatlar boýunça, Erzurumdan deport edilip iberilýänler käbir jenaýat işlerine goşulşanlar we bilete puly bolman mugt deport edilenler diýilen netijä gelindi. Türk polisiýasyna tutulman, öz mümkinçilikleri bilen bilet alyp Stambul Howa Menzilinden-de uçýanlar hem az däl. Stambuldan öz mümkinçilikleri bilen uçýanlar “Yzyna Kabul Etme Merkezine” ýoly düşmeýän, öýlerine baryp bilýändikleri häzirlikçe bize mälim.
Türkmenistanyň öz ýurtdaşlary üçin yzyna kabul ediş diýen ýaly, ýa-da şoňa meňzeş ýerleriň dörilmegi ynsan hukuklarynyň daşyna çykmak bolýar. Bu ýagdaýda Türkmenleriň öz ýurduna däl-de, Türkmenistanyň bikanun oturdylan hökümetiniň arkasynda durýan Rus Imperiýasynyň topraklaryna dolanyp barýan ýaly ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Şol ýerde saklanandan soň daşara çykan adamlaryň aýdyşy boýunça, olardan Türkiýede galanlary we Türkiýede bolup gelenleri şugullamaklaryny isläpdirler. Halkdan bir-biri barada maglumat bermekleri üçin, olary birnäçe gapydan-gapa sokýarlarmyş.
Milli Halas Ediş Komitetiniň howpsuzlyk bölümi bu ýagdaýy, Rus KGB-niň işjeň çäresi, ýagny Rus dilinde aýdylanda “Активная мероприятия” bolandygyny kabul edýär. Howpsuzlyk Şurasy bu çäräni bize şu sözler bilen aýdyňladýar:
“Bu çäre, halka ýurtda hökümet bar diýilen düşünjäni berýär we belli bir derejede olara gorky siňmegine sebäp bolýar. Asyl maksatlary bolsa, ýaňky 2 metody ulanyp, ýurda barýanlary Türkmenistanyň kanunsyz sistemasyna öwrenişdirmek we olary sessiz sürä öwürmek bolup durýar”.
Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.