Light
Dark

Bagyr Sirrozynyň 11 Alamaty

Bagyr sirrozy uzak möhletiň dowamynda bagra ýeten zyýanyň netijesinde dörän ýara dokumalary bolup, howply ýagdaý hasaplanýar. Bu ýagdaý…

Bagyr sirrozy uzak möhletiň dowamynda bagra ýeten zyýanyň netijesinde dörän ýara dokumalary bolup, howply ýagdaý hasaplanýar. Bu ýagdaý birnäçe zyýanly faktorlar, ýokary dereje uglewodly iýmitler, aşa köp alkogolly içgileri ýa-da şekerli önümleri köp iýmeklik sebäpli döräp bilýär. Bu endikler wagtyň geçmegi bilen bagyrda ýag ýygnanyp, fobrozyň emele gelip, netijede-de sirroza eltýär. Ynsan köp ýyllaryň dowamynda (asimptomatik) simptomsyz ýaşap biler. Bu simptomsyz ýagdaýa-da howply sirroz diýilýär.

Bagyr sirrozynyň 11 sany alamatlarynyň üstünde durup geçeliň:

1. Möý angiomasy
Göwräniň ýokarky böleginde emele gelýän ownuk, gyzyl, möý şekilli gan damarjyklary

2. Göz almasynyň we deriniň saralmagy
Bagyr kesel alamatlary, deriniň we gözüň saralmagy bilen baglanşykly, çünki, şikesli bagyr organizmden bölünüp çykýan sary reňkli galyndylaryň öňüne böwet bolmagy bilen ganda bilirubiniň köpelmegine getirýär, ol bolsa gözüň we deriniň sary reňke boýalmagyna getirýär.

3. Gyrmyzy reňkli aýa
Aýaň gyrmyzy reňkli bolmagy bagryň şikeslidigini aňladýan alamatlaryň biri. Bagyr sirrozly adamlaryň 23%-de bu ýagdaý emele gelip biler.

4. Assit
Öňe çykyp duran garyn, bagyrda ýag ýygnanandygynyň alamaty. Bu ýagdaýda bagyr garyn boşlugyna suwuklyk bölüp çykaryp başlaýar. Netijede, garynyň giňelmegine getirýär. Käbir ýagdaýlarda erkekleriň bedeninde göwsüň ulalmagyna getirýär. Bu bagyr keseliň ilkinji alamatlary.

5. Dyrnaklaryň galňamagy
Iýmitden gelýän ýokumly maddalaryň gerekli mukdarda bedene siňmeýänligi sebäpli dyrnaklar galňap başlaýar.

6. Gabaklarda ak ösündüleriň peýda bolmagy
Bu holesterolyň toplanmagy gandaky ýaglaryň derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli ýüze çykýan ýagdaýa ksantoma diýilýär.

7. Sag aýagyň çişmegi
Bagyr kesellerinde esasy duş gelýän alamatlaryň birem sag aýagyň we dabanyň çişmesidir.

8. Mawy gematomalar
Bu Gepatit C wirusyň bardygyny görkezýän alamatlardan bolup, bagyr fermentiniň aktiw işlemegine getirýär.

9. Kellede ak goňaklaryň peýda bolmagy we ökjeniň darka-darka ýarylmasy

10. Ekimoz
Elde, aýakda mawy tegmiliň emele gelmegi.

11. Towuk derisi
Bedende towuk derisi ýaly gyzyl tikenekli deri bolup biler.

Bagra mundan beýläk şikes ýetmezligi we dikelmegi, öz-özüne ýardam bermegi üçin indikileri maslahat berýäris:

  • Şu gök-önümleri yzygiderli kabul edip durmaly, kale, kollard green, brokkoli, Brussel kelemi, adaty kelem, reňkli kelem.
  • Nahardan öň iýmit siňdiriş fermentleri kabul etmeli.
  • Uzak arakesmeli naharlanma.
  • Şekerli önümlerden we alkogolly içgilerden daşda durmaklyk.
  • Süýtli tikenegi kabul etmek.
  • Imbir, kurkuma, sarymsak ýaly iýmitler bagryň öz-özüni bejermeginde uly rol oýnaýar.

*Eger bu simptomlar sizde görülýän bolsa haýal etmän doktoruňyza görüniň

Açar sözler:

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *