Artýan talaplary garşylamak üçin, Wilnius howa menziliniň giňeldilmeginde möhüm ädim bolup durýan, täze gidiş terminalynyň gurluşygy…
Artýan talaplary garşylamak üçin, Wilnius howa menziliniň giňeldilmeginde möhüm ädim bolup durýan, täze gidiş terminalynyň gurluşygy…
Artýan talaplary garşylamak üçin, Wilnius howa menziliniň giňeldilmeginde möhüm ädim bolup durýan, täze gidiş terminalynyň gurluşygy tamamlady. Ýerli gurluşyk firmasy “Eikos Statyba” tarapyndan amala aşyrylan bu taslama bir ýarym ýyl dowam etdi we käbir çeşmlere görä, takmynan 50 million ýewro sarp edildi. Bu täze terminal, howa menziliniň umumy meýdanyny üçden birine artdyrýar we ýolagçy kuwwatyny sagatda 1200’den 2400 ýolagça çenli, ýagny, iki esse artdyrýar. Bu goşmaça binanyň gurulmagy bilen, hyzmatyň hilini, ýolagçylara amatly şertleriň döredilmegi we iş netijeliligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda täze terminalda enjamlary gurnamak we synagdan geçirmek işleri geçirilýär. Täze terminal bu ýylyň fewral aýynda ýolagçylar üçin açylar.
Litwa’nyň paýtagty Wilnius’yň iň uly howa menzili, 1932’nji ýylyň 17’nji Awgust’ynda siwil howa menzili hökmünde işe başlady. Asyl terminal binasy 1934’nji we 1936’njy ýyllar aralygynda guruldy. Ikinji jahan urşy döwründe howa menzili 1944’nji ýylyň Iýul’yna çenli harby howa meýdançasy hökmünde ulanyldy.
Ýyllaryň dowamynda möhüm üýtgeşmeleri başdan geçiren bu howa menzilinde, 1993’nji we 2007’nji ýyllarda täze terminallar guruldy. 2008’nji ýylda göni otly hyzmatlary howa menzilini şäher merkezi bilen birleşdirdi. 2017’nji ýylda uçuş-gonuş zolagynda abatlaýyş işleri geçirilenden soň, 2024’nji ýylda täze gidiş terminalynyň gurluşygy tamamlandy.
2019’njy ýylda Litwa howa menzilleri 62,000 gatnaw bilen, 6,5 million ýolagçynyň daşalmagy taryhy görkezijileri gazandy. Diňe Wilnius howa menzili 5 milliondan gowrak ýolagça hyzmat etdi.
Geçen ýylda gurluşygy tamamlanan täze terminalda, 2025’nji ýylyň 11’nji Ýanwar’ynda açylyşyň öň ýanynda, terminalyň taýýarlygyny barlamak üçin uly testler geçirildi. Terminalyň ýolagçylara berýän hyzmatynyň performans’yny görkezýän we kemçilikleriň bolup-bolmadygyny görkezýän bu testlere 1000 adamyň meýletin gatnaşandygy habar berilýär.
Köpsanly adamlaryň gatnaşmagy diýilende Türkmenistan akyllara gelýän ilkinji ýurtlarynyň birine öwrüldi. KGB’niň “Aktiwnoýe meropriýatiýe” ýagny, “Ykjam Çäre” metodyny ulanyp, “döwlet bar” diýen düşünjäni ýerleşdirmek üçin, sahnalaşdyrylan çärelerde çagalary we ähli döwlet işgärleri mejbury gatnaşdyrylýar. Aşgabat’daky howa menziliniň açylyş dabarasy hem bulardan biri boldy. Könesiniň ýerine täzesi gurulýança, Terminal-2 atly, geçiş möhletinde hyzmat berýän terminaly 2014’nji ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy. “Türkmenistan Altyn Asyr” onlaýn gazetiniň paýlaşan makalasynda, Türkiýe’niň “Polimeks” gurluşyk kompaniýasynyň gurýan, umumy kuwwaty sagatda 1600 ýolagçy bolan howa menzili toplumynyň ilkinji basgançagy bolan, Terminal-2 binasynyň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhammedow’yň hem gatnaşandygyny ýazýar. Berdimuhammedow’yň sözlerine görä:
“Ýylda 17 million ýolagça hyzmat bermek mümkinçiligi we 200 000 tonna ýük göterijilik ukyby bolan bu howa menzili, üstünligi boýunça Dubaý halkara howa menzilini ýetmek ýa-da ondan ýokary geçmek mümkinçiligi bar…”
Uly Berdimuhamedow’yň bu wadasynyň ýerliksizdigi wagtyň geçmegi bilen hemmä mälim boldy. Bir ýurdyň üstünligini göz öňünde tutup, şol ýurda öwürmek wadasy ilkinji gezek berilmändi. Nyýazow hem öz wagtynda ýurdy Kuweýt ýaly baý ýaşatmaga wada beripdi. Şol wadalaryň meýilnamalary arasynda 1994’nji ýylda gurulan Aşgabat howa menzili görkezilýär. Ýöne ol hem kemçiliksiz däldi.
Aşgabat şäherinde ilkinji howa menzili 1932’nji ýylda guruldy. Sowet Soýuzy’ndan soň, häzirki zaman tehnologiýalary bilen ornaşdyrylan we sagatda 1600 ýolagçyny kabul edip bilýän howa menzili, 1994’nji ýylda açyldy. Bu Saparmyrat Nyýazow’yň sözde “Türkmenistan’y özgertmek” baradaky düşünjesiniň bir bölegi bolsa-da, dolandyryş binasynyň uçuş-gonuş zolagynyň ýalňyş tarapynda gurulmagy ýaly gödek ýalňyşlyklar bilen netijelendi.
Estetiki taýdan has gowy görünjekdigini öňe sürüp, bilermenleriň duýduryşlaryna ters gelýän Nyýazow’yň bu kararynyň netijesinde, täze terminal howa hereketini dolandyryjylaryň görmegine päsgel berýän görnüşde guruldy. 2012’nji ýylda Türkmenistan’yň “hökümeti”, “Oguz Han” diýlip atlandyrylýan, Aşgabat howa menziliniň gurluşygy üçin halkara tenderi başlatdy. Türk gurluşyk kompaniýasy “Polimeks” bu bäsleşikde ýeňiji bolandygy yglan edilenden soň, öňki terminal 2013’nji ýylda ýykyldy. Esasy terminal gurulýan mahaly 2014’nji ýylyň 26’njy martynda wagtlaýyn ýolagçy terminaly bolan Terminal-2 açyldy.
2016’njy ýylyň 17’nji Sentýabr’ynda, açylyş dabarasy geçirilen howa menzili barada makala ýazan “Türkmenistan Altyn Asyr” onlaýn gazeti, bu gezek, howa menziliniň umumy kuwwatynyň sagatda 2000 adama hyzmat berip bilýändigini ýazýar. 2014’nji ýylyň 26’njy martynda ýazylan makalasyndaky tutarysyzlyk, Polimeks’iň proýekt dolandyryjysy bolan Mehmet Emre Bakkal hem daşary ýurtly gazetlere beren interwýusynda, 1600 sanyny tassyklaýar.
Bu bilgilerden ýola çyksak, Aşgabat’daky, umumy kuwwatynyň sagatda 1600 adama hyzmat berip bilýän köne binanyň ýerine, 2,3 milliard harçlanyp, täze howa menziliniň gurluşygyna gerek barmydy? Eger-de hakykatdanam kuwwatyny artdyrmak meýilleşdirilen bolsa, Litwa howa menzilleriniň çemeleşigi ýaly bir ýol saýlanyp bilinmezmidi? Wilnius howa menziliniň bar bolan kuwwatyny iki esse ýokarlandyrmak üçin bary-ýogy 50 million ýewro harçlanýar. Bu çemeleşme howa menziliniň, ýolagçylaryň we awiakompaniýalaryň barha artýan isleglerini, täze howa menzilini gurmazdan, kynçylyksyz kanagatlandyryp biljekdigini görkezýär. Görülip durşy ýaly, bar bolan Wilnius howa menzilini giňeltmek, täze howa menzilini gurmakdan has amatly we täsirli çemeleşmedigi aýdyň görülýän faktdyr.
Göz ýumup bolmaýan faktlaryň biri hem, Wilnius howa menziliniň täze terminaly üçin 50 million ýewronyň ýerli gurluşyk firmasyna gidendigi, ýagny şol pulyň ýurdyň içinde galmagydyr. Türkmenistan’yň 2,3 milliard dollary “Polimeks” arkaly, ýurdyň daşyna çykaryldy.
Bu maglumatlara seredeniňde, ortaça 46 esse köp pul harçlap Türkmenler näme gazandy – diýilen sorag orta çykýar.
Günde ortaça 13 uçar gatnawyny kabul edýän bu howa menzili türkmen halkyna näme girdeji gazandyrýar?
Dubaý howa menzili bilen ýaryşar diýilen bu howa menzilini gurmak karary ýönekeý strategiki ýalňyşlykmy, ýa-da üsti ýapyk kleptokratiýamy?
Bu soraglara kim jogap bermeli? Kuwwaty boýunça könesi bilen deň bolan bu täze howa menziline ýerliksiz harçlanan 2,3 milliard dollaryň hasabyny kim bermeli?
Komentariýalar
Merdan
Bu ahlaksyz kukla hökümet yürdy hem satdylar.
Babajan
Döwletini gurmadyk halky herkim sagyp bildiginden sagar
Garagum
Bular halkyň hamyny sypypýan ekenler. Civil urşy döremegi gaty ahtimal