Faşistik Gemaniýa garşy birnäçe ýurtlaryň söweşen “Ikinji Jahan Urşy” nädip “Beýik Watançylyk” urşuna öwrüldi?

Faşistik Gemaniýa garşy birnäçe ýurtlaryň söweşen “Ikinji Jahan Urşy” nädip “Beýik Watançylyk” urşuna öwrüldi?
9’njy Maýyň asyl manysy:
9’njy Maý Sowet Soýuzynyň faşistik Germaniýa’syna garşy gazanylan ýeňişiň bellenýän günüdir. 1945’nji ýylda Germaniýa’nyň şertsiz boýun bolmagy bilen Ikinji jahan urşy resmi taýdan tamamlandy. Bu waka Ýewropada 8’nji Maýda bellenilse-de, Moskwa’nyň sagat dilimi tapawudy 9’njy Maýda ýeňiş yglan edilmegine sebäp boldy.
9’njy Maý aslynda “parahatçylygyň bahasyny” janlary bilen ödän millionlarça ynsany ýatlamak güni diýip bellenilip başlanypdy. Sowet Soýuzynyň, esasanam Ukraina, Belarus, Kawkaz we Türkistan (häzirki Merkezi Aziýa) halklarynyň we beýleki Sowet respublikalarynyň halklarynyň gurbanlarynyň jemi 27 milliona ýetendigi aýdylýar. Ýeňiş ähli sowet halklarynyň köpçülikleýin tagallasy bilen gazanyldy, şeýlelikde söweşe gatnaşan ähli halklara degişlidir.

Ikinji Jahan urşundan “Beýik Watançylyk urşuna”
Urşuň ýatlanyş usuly wagtyň geçmegi bilen üýtgedi. Russiýa’da, Ikinji jahan urşunyň diňe 1941-1945’nji ýyllar aralygynda, Sowetleriň faşistik Germaniýa’sy bilen söweşen döwri “Beýik Watançylyk Urşy” diýlip atlandyryldy. Bu adalga söweşiň has giň taryhy mazmunyny gysgaldyp, ony milli gahrymançylyk hekaýasyna öwürýär.
Bu çarçuwa oturtmaklyk bilen, 1939’njy ýylda Germaniýa bilen “Molotow-Ribbentrop” şertnamasy we Polşa’ny Germaniýa bilen bilelikde bölmeklik ýaly söweşiň başyndaky Sowetleriň jedelli syýasatlaryny ýatdan çykartmaklyk maksat edinilýär. 1941’nji ýyldan öňki döwür, Russiýa’nyň “resmi” taryhynda Germaniýa bilen uruş bolmadyk ýaly görkezilýär. Bu bolsa, urşuň hakyky sebäplerine we çylşyrymlylygyna düşünmegi kynlaşdyrýar.
Şol bir wagtyň özünde, “Beýik Watançylyk Urşy” adyny bermek bilen, ABŞ, Angliýa, Fransiýa ýaly ýurtlaryň goşantlaryny görmezden gelmeklige getirýär. “Beýik Watançylyk Urşy” diýmek bilen, urşuň global bir göreş bolanlygy gerçekliginiň üstüni çyzyp, Sowet Soýuzy “Ýeňiş gazanan halk” diýlen propaganda adamlaryň akyllaryna ornaşdyrylmaga çalşylýar.

Ýatlama gününden – güýç görkezişlige geçiş
Sowuk uruş döwründe 9’njy Maý Sowet şahsyýetini güýçlendirýän element hökmünde öz ornuny alypdy, ýöne açyk propaganda guralyna öwrülmändi . Sowet Soýuzy dargansoň, “Ýeňiş güni” birnäçe wagtlap arka planda galypdy. Wladimir Putin’iň häkimiýet başyna geçmegi bilen 9’njy Maý diňe ýatlama güni bolmagyny bes edip, syýasy we geopolitiki güýç görkezişlik guralyna öwrüldi.
2000’nji ýyllardan başlap, her 9’njy Maýda geçiriljek harby ýöriş ýyldan-ýyla ulalyp başlady. Gyzyl Meýdança’daky bu harby ýörişler diňe bir urşy ýatlatmak üçin däl, şeýle hem häzirki zaman Russiýa’nyň harby güýjüni we sebitleýin ambisiýalaryny görkezmek üçin geçirilýär.
Tanklar, ýadro ýaraglaryny götermäge ukyply roketler we iň häzirki zaman ýaraglary bilen geçirilen harby ýörişler “güýçli döwlet” ideologiýasyny içerki halka ýetirýär, şol bir wagtyň özünde daşarky dünýä “Geopolitiki oýunlarda biz hem bardyrys” yşaratyny bermek bilen güýç görkezişligini geçirýär.
9’njy Maýyň manysy nähili üýtgedi?
Kreml, 9’njy Maýda geçmişdäki ýeňişler arkaly şu günki eden-etdiligine syýasy taýdan kanuny esas döretmek üçin ulanýar. “Beýik Watançylyk urşy” ady bilen mukaddes edilen bu döwür, Putin’iň administrasiýasy tarapyndan aşakdaky usullar bilen guralýar:
Umumy ýeňşiň monopolizasiýasy:
Iň möhüm zat, bu ýeňşi Sowet halklarynyň umumy ýeňşi bolmakdan çykaryp, diňe Russiýa degişli ýaly edip ulanmaklarydyr. SSSR köpmilletli gurluşdy we Ukrainler, Belaruslar, Türkistan we Kawkaz halklary söweşde egin-egne berip söweşdiler. Muňa garamazdan, häzirki wagtda Russiýa bu taryhy diňe öz milli kyssalarynyň çäginde düzýär.
Ukrain söweşinde, Kreml 1940’ly ýyllaryň faşist basybalyjylygyna garşy göreşiň häzirki wagtda “täze faşistlere” garşy dowam edýändigini öňe sürüp, geçmişdäki wakany täzeden ulanýar. Şeýlelik bilen, geçmişdäki gahrymançylyk şu günki “ýörite harby operasiýa” ýer taýýarlamak üçin ulanylýar. Geçmişdäki gahrymançylyk duýgularyny ulanyp, Ukraina garşy basybalyjylykly urşy kanunylaşdyrmaga synanyşýar.
9’njy Maý, bir halkyň agyr, ýöne abraýly göreşiniň ýyl dönümidir. Şeýle-de bolsa, Russiýa’nyň bu güni söweşi kanunylaşdyrmak we propaganda guraly hökmünde ulanmagy, ýatlama medeniýetini bozýar. Hakyky “ýeňiş güni” diňe bir harby ýöriş bilen çäkli däl, eýsem umumy görgüleri paýlaşmagy we taryhy hakykatlary kabul etmegi hem talap edýär.
Komentariýalar
Babajan
Bu bilgileri paýlaşanyñyz üçin sawoluñ HSM Habar agzalary 👍
Babajan
Türkman halky habar täzelik infarmatsoýalardan uzak tutulýar GTT tarapyndan .
HSM Habar agzalary sizden minetdar sawoluñ
Merdan Meredov
Degerli bilgiler!