Light
Dark

2022-de Ýitirim Bolan Azizbek Musaýewiň Özi Däl-de Mazary Tapyldy

2022-nji ýylyň Iýul aýynyň 17-de ýitirim bolan Çärjew şäheriniň ýaşaýjysy Azizbek Musaýewiň doganlary onuň mazaryny tapdylar. Diridigine näçe umyt etseler-de, Azizbek 2022-njy ýylyň 17-nji Iýulynda 15 ýerinden pyçaklanyp öldürlipdir. 1 ýyldan gowrak wagt Azizbeki gözlän doganlary, onuň bir Kürt huligan topary tarapyndan paçaklanyp öldürlendigi ýakynlaryna mälim boldy.

Azizbekiň jesedi 2022-njy ýylyň Sentýabr aýyna çenli hossarlary tapylar umydy bilen morgda saklanypdyr. Hossarlary ony wagtynda tapyp bilmänlikleri sebäpli morgyň eýeçiliginde eýesizler mazarlygyna başga-da 3 jeset bilen bilelikde gömülipdir.

Hossarlary, Azizbekiň jynazasyny aýratyn ýere jaýlamak üçin alada baryny edýärler. Pyçakly hüjüme pida bolan Azizbek Musaýewiň yzynda 2 çagasy we aýaly galdy.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Komentariýa

  1. GökTürk

    2 years ago

    Eh ýaş oglanlar ýurdyny östürüp ýaşamaly adamlar niredeki ýok ýurtdyz kürtleriñ elinden öldirilen wah ildeş çagalara gyýnalýan . Azizbek ildeşimizede aýdandyrlar ýurdy düzedeli diýip oda jogap berendir boş ber diýip 🤔.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *