2021-nji ýylyň Oktýabr aýynda Aşgabat-Çärjew arasy 600 km’lik awtobanyň 203 km’i ulanmaga…
2021-nji ýylyň Oktýabr aýynda Aşgabat-Çärjew arasy 600 km’lik awtobanyň 203 km’i ulanmaga açyldy diýlip çäre geçirilipdi. Bu 203 km Aşgabat-Tejen arasy bolýar. Emma, awtobanyň açyldy diýleninden 2 ýyl geçmegine garamzadan, awtoban Aşgabat bilen Tejeniň arasyndaky şäherlere baglanmandyr.

Tölegli bolan bu awtobany ulanan sürüjiler 10-larça km toprakly ýoly geçip, aradaky şäherlere sowulmaly bolýarlar. Bu barada halkara ýollarda ýük ulaglaryny sürýän sürüjiler Türkmenistandaky ýol şertlerini öz sosial media hasaplaryndan görkezýärler. Aşgabatdan 100 km ýol geçenden soň Artyga gitmek üçin awtobandan sowulan sürüji, 35 km toprakly ýol bolýunça ilerlemeli bolandygyny ykrar edýär. 35 km’lik ýol gurulýança gaýdyp awtobany ulanmaryn diýen sürüji, 45 manat ýol üçin pul töländigini hem dile getirdi.
Türkmenistanyň ilkinji tölegli awtobany näme sebäpden ulanyşly ýagdaýa getirilmeýänligi bolsa, hemmä mälim boluşy ýaly, edilýän gurluşyklar halk üçin däl-de ýurduň pullaryny aklamak üçin edilýär. Esasy maksatlary pullary aklamak bolandygy üçin, beýleki kiçi hasap edýän işlerine üns berenoklar.
Bu awtoban töleglerden az girdeji elde etmäge dowam etse, birnäçe ýyldan soň ýurduň beýleki ýollarynyň ykbaly bilen tanyşmaly bolar. Sebäbi, ýoluň bejeriş işlerini alyp barmak üçin awtobana tölenen pullar ulanylmaly. Eger ortadaky kiçi şäherlere ýol birleşdirilmese awtobany ulanjak sürüjiler hem az bolar.
Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.
Komentariýa
Merdan Meredov
Doğry, “iş edildi” diñe pul aklamak üçin.
Türkmenistanda talañ dowam edýär.